Şanly waka — 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň
öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni»
diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýörite
brifing geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul
edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl
belleniler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça Hazaryň kenarynda geçirilýän üçünji maslahatynyň dowamynda şu
gün ilkinji gezek bellenilýär.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen,
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler
boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima gözel we ajaýyp
Awazada geçirilýän giň wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu taryhy
güni dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek
bellemegiň özi üçin belent mertebe hem-de uly şatlykdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara güni ilkinji gezek
bellemegiň biziň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Ýygnananlar bildirilen myhmansöýerlik we goldaw hem-de şu gezekki maslahatyň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän möhüm ugurdaş çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň innowasion we durnukly ösüşini üpjün etjek geljegi gurmaga umumy ygrarlylygy tassyklaýandygyny nygtadylar.