milli goshun logo
2018-nji ýyly netijeli jemlediler
2018-nji ýyly netijeli jemlediler
06.01.2019 813 Habarlar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli bolan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody geçen 2018-nji ýyly netijeli jemlediler. 2019-njy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna üstünlikli gadam basan kärhananyň, wodorodyň gatnaşmagynda benzini kükürtli, azotly birleşmelerden arassalamaga we ýokary hilli awtoulag ýangyjyny öndürmäge niýetlenen durky täzelenen katalitik-reforming desgasynda netijeli işler alnyp barylýar. Desganyň ýyllyk kuwwatlylygy 500 müň tonna deň bolup, şol möçberde nebit önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde bu ýerde ekstraksiýon ýangyjyň 25 müň tonnasyny, durnukly katalizatyň 412 müň tonnasyny, suwuklandyrylan gazyň 15 müň tonnasyny, peçde ýakmak üçin ulanylýan gazyň 15 müň tonnasyny öndürmeklige doly mümkinçilik döredilen.

Önümçilik bölüminde awtoulag ýangyjynyň A-80, A-91, A-95 görnüşleri şeýle-de oktan sany 98-e ýetirilen awtomobil ýangyjy taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da kärhananyň önümçilik kuwwatynyň artmagynda ýol bitumyny öndürýän döwrebap desganyňam uly orny bar. Desganyň ýyllyk kuwwaty 37 müň 200 tonna deň bolup bir gije-gündiziň dowamynda 120 tonna ýol bitumyny öndürmeklige niýetlenendir. Zawodyň önümçilik desgalarynda önümçiligiň yzygiderliligi kämil enjamlaryň sazlaşykly işine daýanýar. Tehnologiýa yzygiderlilik dolulygyna desganyň dolandyryş bölüminde kompýuterler arkaly amala aşyrylýar.