milli goshun logo
Zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik ýola goýlar
Zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik ýola goýlar
15.06.2019 1430 Habarlar

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak, suw we energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak, Aral hem-de Hazar deňizleriniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça başlangyçlary, ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty babatda ýola goýulýan çig-mal serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

TSTB-niň agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat edinilýär.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berip, daşky gurşawyň goralmagyna goşant goşular. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.