milli goshun logo
«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigi jemlendi
«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşigi jemlendi
15.11.2019 2900 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçi serkerdeleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak we harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen yglan edilen «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňijileri kesgitlemegiň tertibine laýyklykda  dört şert boýunça geçirilen bäsleşik mundan ozal rota, batalýon we garnizon derejesinde geçirildi we ýeňiji bolan terbiýeçi serkerdeler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Jemleýji tapgyrda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik, hünär taýýarlyklaryny gowulandyrmakda, harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda we döwrebap okuw tejribelerini ýaýmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere mynasyp baha berildi.

Şeýlelikde, bäsleşikde üç sany baýrakly orunda 4 sany ýeňiji kesgitlenildi. 1-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlamak müdirliginden kapitan Joraýewa Umyda, 2-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlary müdirliginden kapitan Hemraýewa Şagül, 3-nji orna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginden kapitan Manzura Bibitowa we Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginden kapitan Keýik Şirowa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelän terbiýeçi serkerde kapitan Joraýewa Umyda «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdelere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň suratlaryna «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».