milli goshun logo
«Ýylyň parlak ýyldyzy»
«Ýylyň parlak ýyldyzy»
18.12.2019 4998 Habarlar

17-nji dekabrda paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy çykdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Şu mynasybetli aýdym-saz sungatynyň ussatlary bir ýere jemlendiler.

Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň 5-nji ýyl talyby ýaş, ýöne eýýämden meşhur ýerine ýetiriji Azat Dönmezow bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň eýesi boldy.

Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji pul sylagy gowşuryldy.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler.