milli goshun logo
«Ýylyň mugallymy – 2019»
«Ýylyň mugallymy – 2019»
10.06.2019 2095 Harby Bilim

Golaýda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda «Ýylyň mugallymy – 2019» Döwlet bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde mugallymlar sapagy guramakda talyplar bilen gatnaşyklaryny, olary okuwa höweslendirmekde, ýatkeşligini, zehinliligini artdyrmakda ulanýan okadyş usullaryny görkezýärler, döwlet we halkara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri, köpçülikleýin jemgyýetçilik çärelerindäki oňyn görkezijileri barada gürrüň berýärler.

Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, kapitan Döwran Abdyrasulow hem gatnaşyp, umumy netije boýunça 2-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň II derejeli  diplomy bilen sylaglandy.

Biz hem ussat mugallyma mundan beýläk hem üstünlikler arzuw edýäris!

«Milli goşun».