milli goshun logo
Ýurdumyzyň okuw mekdepleri täze okuw ýylyna taýýar edildi
Ýurdumyzyň okuw mekdepleri täze okuw ýylyna taýýar edildi
24.08.2019 632 Habarlar

23-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň hemme okuw mekdeplerinde bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi hem-de olaryň ählisi zerur enjamlar we esbaplar bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, dünýä tejribesi nazara alnyp, orta mekdepleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriň okuw meýilnamalary kämilleşdirildi.

Umumybilim berýän mekdepleriň ähli synplary okuw kitaplary bilen üpjün edildi — täze okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 115 görnüşi neşir edildi.