milli goshun logo
Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar
Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar
19.05.2019 760 Habarlar

18-nji maýda paýtagtymyzyň gözel ýerinde, açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik agşamy dabaraly konsert geçirildi.

Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk şaýoly bilen Gypjak köçesiniň aralygyndaky meýdançada türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanja beslenen ýokary jemgyýetçilik ruhy göteriliş döredi. Baýramçylyk çäresine köpsanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.

Ýurdumyzyň belli aýdym-saz sungatynyň ussatlary, tans toparlary baýramçylyga gatnaşyjylara joşgunly çykyşlary eçildiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan şu günki dabaralar paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde — paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki Baş baýdak meýdançasynda, «Ylham» seýilgähinde ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde, teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, medeniýet öýlerinde, açyk konsert meýdançalarynda şanly seneler mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şolarda joşgunly tanslar we Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar dabara gatnaşýanlarda ýakymly täsirler galdyrdy.