milli goshun logo
Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi
Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi
25.09.2019 802 Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň meşhur öndürijisiniň ulaglary ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalarda ulanylar. Hususan-da, ýük awtoulaglary agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy, şolaryň 40-sy Aşgabatda, 50-si Ahal welaýatynda, 20-si Balkan welaýatynda, 25-si Daşoguz welaýatynda, 35-si Lebap welaýatynda hem-de 30-sy Mary welaýatynda degişli düzümler tarapyndan ulanylar.

Görülýän anyk çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna awtoulaglar bilen hyzmat edilişiniň ýokary medeniýetini üpjün etmäge, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.