milli goshun logo
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
27.03.2024 156 Habarlar

Düýn – 26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edilmegi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra guramalaryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik wekilha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gatnaşdy­lar.

Bu ýer­de myh­man­lar çy­kyş­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. Baý­ram­çy­ly­gyň şeý­le tä­sir­li baş­lan­ma­gy oňa gat­naş­ýan­la­ryň kal­by­ny heý­ja­na ge­ti­rip, ýü­rek­le­ri­ni şat­ly­ga bes­le­di. Da­ba­ra gat­naş­ýan ýurtlaryň we­kil­le­ri­niň ser­gi di­war­lyk­la­rynyň ýaý­baň­lan­dy­rylmagy diýseň täsirli boldy.

Soň­ra «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­la­gyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­da we beý­le­ki tür­ki dil­li döw­let­ler­de gu­ral­ýan me­de­ni çä­re­ler dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy­ny bar­ha ber­kid­ýär.

Dabaranyň dowamy giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bilen utgaşyp gitdi. On­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň sun­gat us­sat­la­ry çy­kyş et­di­ler. Sah­na­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan aja­ýyp çy­kyş­la­ryň esa­sy­ny me­de­ni­ýet­le­riň dia­lo­gy, halk­la­ryň dost­lu­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­lar düz­di.

«Now­ruz ýaý­la­syn­da» gu­ra­lan me­de­ni çä­re çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­ri we umu­my däp­le­ri bo­lan halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni baý­laş­dyr­ýan gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mekde möhüm ädim bol­dy.