milli goshun logo
Ýurdumyzda galla oragyna girişildi
Ýurdumyzda galla oragyna girişildi
08.06.2024 244 Habarlar

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny arzuw edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Galla oragyna girişilmegi mynasybetli dürli oba hojalyk, çörek önümleri we döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdyrýan sergiler guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-horeografik toparlary ekerançylar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.