milli goshun logo
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
21.01.2024 511 Habarlar

Düýn – 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem 2024-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.

2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe dabaralary geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda bu guramanyň iri düzüm birliklerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hem-de maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, şeýle hem guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.