milli goshun logo
Yşyklar, dronlar, feýerwerkler baýramçylygy bezär
Yşyklar, dronlar, feýerwerkler baýramçylygy bezär
11.05.2024 250 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 10-njy maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.

Dabaranyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahaty hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.