milli goshun logo
Yşyklar, dronlar, baýramçylyk feýerwerkleri dabaranyň özboluşly şowhuny
Yşyklar, dronlar, baýramçylyk feýerwerkleri dabaranyň özboluşly şowhuny
17.05.2024 198 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de dana şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy özboluşly şowhuna eýe boldy.

Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňündäki meýdançada ýörite taýýarlanan häzirki zaman tehnologiýalaryň – yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi, baýramçylyk feýerwerkleri asuda asmanyň gijeki keşbini bezedi. Magtymguly Pyragynyň keşbini, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň taryhy wakalaryny, bagtyýar türkmen halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny şekillendiren dronlaryň şowhuny hem-de köpöwüşginli feýerwerkler özboluşly baýramçylyk ruhuny döretdi.