milli goshun logo
Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
12.02.2019 729 Habarlar

11-nji fewralda sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda wise-premýer G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we uzak möhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan bar bolan meseleleriň häzirki döwürde oňyn çözülmegi ösüş strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginini saklamagyň, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, özümizde öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak ykdysady toplumyň edaralarynyň baş wezipesidigini belläp, wise-premýere kesgitlenen çäreleriň degişli derejede guralmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Yslam ösüş banky bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Ulag, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy ýaly milli we halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň bu öňdebaryjy bank bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly elektron dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugradyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.