milli goshun logo
Ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlar guralar
Ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlar guralar
13.04.2019 792 Habarlar

12-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri boýunça ýagdaýyň, umuman, erbet däldigini belledi, emma heniz çözgüdini talap edýän wezipeler, şeýle hem doly ulanylmadyk mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, maliýe-ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýär. Bu işleri welaýatlarda we etraplarda ýerine ýetirmegiň anyk maksatnamasy ýok.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilen bilelikde Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramagy, ýurdumyzyň ýokary okuw hem-de orta mekdepleri üçin mugallymlary taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.