10-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Öwezow
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki
pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary
ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny we sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler
alnyp barylýar.
Şu maksat bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentligi
tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag
hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurdumyza gelýän hem-de üstaşyr geçýän
daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadyny döretmek, olara GPS
enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek, şeýle hem bu işleri
tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi.
Birinji tapgyrda ýurdumyzyň paýtagtynda we
welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly
ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç
sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik
üpjün ediler.
Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän
ýük ulaglaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola
goýlar.
Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan
ýurdumyzyň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara
daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.
Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde
jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat
binýady arkaly ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň
hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty
dörediler.
Bu ugurda öňde durýan wezipeler
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli
paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala
aşyrylar.