milli goshun logo
Ýokary okuw mekdepleriniň işlerini üýtgedip gurmak barada
Ýokary okuw mekdepleriniň işlerini üýtgedip gurmak barada
08.04.2019 765 Habarlar

5-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradowyň milli Liderimiziň garamagyna ýokary okuw mekdepleriniň işlerini üýtgedip gurmak barada teklipleri hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary bilim berýän ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň, ony döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagyň ähmiýetini belledi. Bu, öz nobatynda, giň gözýetimli, döwrebap bilimlere eýe bolan hem-de öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary bilim hünärli işgärlere bolan islegi şertlendirýär.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri gutarnykly işlemegi hem-de meýilleşdirilýän özgertmeleri nazara almak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleriň göz öňünde tutulmagyny tabşyrdy.