milli goshun logo
Ylym-ösüşlere şamçyrag
Ylym-ösüşlere şamçyrag
13.06.2018 2948 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdiren döwlet syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary biz ýaşlary ata Watanymyza, mähriban halkymyza, mukaddes Kasama wepaly, päk ýürekli, ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.

Türkmenistan – Beýik  ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde yglan eden ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň jemi jemlendi. Şol bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça ofiseri leýtenant Kerim Myradow özüniň «Harby-watançylyk terbiýesi» diýen ylmy işi bilen gatnaşyp bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edildi we  hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldy.

Alym Arkadagymyzyň: «Zehinli ýaşlaryň arasynda işleri alyp barmak, täze ylymly zehinleri ýüze çykarmak, ýaş alymlary höweslendirmek wajyp. Ýaş alymlara goldaw bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadyny döredýändigimizi biz hemişe ýatda saklamalydyrys» diýip nygtap geçmegi, Watançy ýaşlary has-da buýsandyrýar. Leýtenant Kerim Myradow ýazan ylmy işi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleniň pugtalandyrylmagyna, Watan goragçylaryny ahlak we hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berer.

Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ylmy gözlegler, ylmy açyşlar bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik döreden Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!