milli goshun logo
Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr
Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr
19.01.2019 649 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy, şeýle hem bellenilen döwürde milli saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ulgamy ösdürmek wezipeleriniň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, lukmançylyk ulgamynyň ylmy tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň, maddy binýadynyň pugtalandyrylmagynyň, ýaşlary okatmak işleriniň hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy döwrebaplaşdyrmagyň barşynda sanlaşdyrmagyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly bilermenlerini we hünärmenlerini elektron serişdelerini ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek işlerine çekmek ýoly bilen ornaşdyrmak barada görkezmeler berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersleri, hünärleri, şol sanda ylmy tehnologiýalar babatdaky ugurlary girizmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri nazara alanyňda, programmaçy, inžener, tehnologlar ýaly hünärler zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşygyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.

Ylmyň gazananlary ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolmalydyr. Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr. Munuň özi täzeçil ösüşler üçin zerur şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de kompýuter ulgamyndaky täzelikleri işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň ugurlaryny yzygiderli sanly ykdysadyýete geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, ýurdumyzda täze ylmy açyşlaryň höweslendirilmelidigini nygtady.