milli goshun logo
Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy – Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy – Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
16.10.2019 304 Habarlar

15-nji oktýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar.

Senagat toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň senagat enjamlarynyň, iň täze tehnikasynyň we hyzmatlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak şu gezekki halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň baş maksady bolup durýar. Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri foruma öz işewürlik teklipleri bilen geldiler.

Sergide gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň himiýa hem-de dokma senagaty, gaz we nebithimiýa, ulag, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we azyk senagaty ugurlarynyň ösüşi beýan edilýär. Ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleri açylyp görkezilýär.

«Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly Halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň senagatynyň, öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenmekde bazarlarymyzyň ägirt uly mümkinçiligini görkezmekde netijeli meýdança boldy.