milli goshun logo
Ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy 65,4 göterime ýetdi
Ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy 65,4 göterime ýetdi
07.12.2019 793 Habarlar

6-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geçen on bir aýynda ösüşiniň netijelerini jemledi.

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň saklanýandygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çak edilişine görä, 6,3 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy köpelip, häzirki döwürde 65,4 göterimden ybarat boldy diýip, milli Liderimiz belledi.