milli goshun logo
Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine howa gatnawlary ýola goýlar
Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine howa gatnawlary ýola goýlar
15.10.2019 479 Habarlar

14-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.

Geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

D.Saburow EASA-nyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleriniň Aşgabadyň Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigini tassyklandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýer B.Öwezowa agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek arkaly Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berip, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygyna degişli meýilnamany taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şunda ýolagçylar üçin hem ähli amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekdi.