2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa
Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Başlygy (ýerleşýän ýeri Ankara
ş.) jenap Kristian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti
bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen
Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli derejede
berkidilendigini belläp geçdiler. Şeýle hem wekiliýetiň ýolbaşçylary Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini nygtadylar. Soňky döwürde
parlamentara gatnaşyklar hem görnetin pugtalandyryldy, howpsuzlyk we adam
hukuklary boýunça hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Köp ýyllaryň dowamynda, döwletde ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň diplomatik wekilhanalary üstünlikli işleýärler. Şu günki duşuşykda, taraplar ýakyn geljekde ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.