milli goshun logo
Ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli medeni çäreler
Ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli medeni çäreler
15.01.2020 2110 Harby özgertmeler

Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni ýetip gelýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň bosagasynda harby gullukçylar üçin täsin aýdym-sazly dabaralar guralýar. Ýakynda şeýle çäre «Goramaly, bu Garaşsyz Watany» ady bilen paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.

«Gülzaman» medeni dynç alyş merkeziniň sahnasynda köpsanly tomaşaçylar üçin zehinli harby gullukçylaryň çykyşlary guraldy. Olar öz aýdymlarynda eziz Watanymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeten rowaçlyklaryny wasp etdiler.

         Däp bolşy ýaly, bu medeni dynç alyş merkezinde geçirilýän çäreler harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny galkyndyrmaga, Watana birkemsiz gulluk etmäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Çärä gatnaşyjylar Watan goragçylary üçin ajaýyp gulluk we ýaşaýyş şertlerini döredip berýändigi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza öz çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Öz çykyşlarynda harby gullukçylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goragynda sak durjakdyklaryna, mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine kasam etdiler.

 «Milli goşun».