milli goshun logo
Lebap welaýatynda «Halaç-II» ýerasty agyz suw ýatagy bellige alyndy
Lebap welaýatynda «Halaç-II» ýerasty agyz suw ýatagy bellige alyndy
19.01.2019 1247 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geologlaryň işiniň möhüm ugry hökmünde gidrogeologik gözleglere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.