milli goshun logo
Ýeňiş ýörişinde uruş döwrüni hakydamyzda janlandyran keşpler
Ýeňiş ýörişinde uruş döwrüni hakydamyzda janlandyran keşpler
09.05.2020 1668 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän Ýeňiş ýörişi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hormatly myhmanlary we Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny jemledi. Tomaşaçylaryň münberinde özüňi garaşylmadyk taryhy wakanyň şaýady bolýan ýaly duýýarsyň. Ilki bilen, seni ozalky uruş döwrüniň keşpleri özüne çekýär – şygarly gyzyl baýdaklar, gyzyl goşunyň esgerleriniň harby lybaslary, ýaş esgerleriň elindäki şo-ol gadymy ýaraglar...

Dabaraly pursat ýetip gelýär. Russiýa Federasiýasynyň wekili türkmen tarapyna Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, edermen we watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurýar. Harby däp-dessur birkemsiz ýerine ýetirilýär. Bu bolsa taryhy aýrylmaz baglanyşykly bolan ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlygynyň derejesini ýene bir gezek açyp görkezýän waka boldy.

«Mukaddes söweş» aýdymynyň sazy ýaňlanýar. Baýdakçylar topary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, rus wekiliýeti tarapyndan gowşurylan baýdaklary, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasyna berlen «Edermenligi üçin» medalyny çykarýarlar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ýefreýtor Berdimuhamet Annaýew häzirki wagtda ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolup durýar. Mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan öz ýurdunyň watançysy ikinji Ukrain frontundaky söweşlere gatnaşdy. Berdimuhamet Annaýewiň söweşen polky Beýik Watançylyk urşunyň taryhynda yz goýan Dnepr söweşinde hem edermenlik görkezdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasynyň gulluk eden 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy, şeýle hem oňa gowşurylan Russiýa Federasiýasynyň «Edermenligi üçin» medaly şu günki Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen dabaraly harby ýörişine gatnaşan ähli türkmen esgerleriniň buýsanjyna öwrüldi. Ýeňiş baýdagy bolsa Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda janyny aýaman söweşen ähli halklara goýulýan hormatyň nyşany bolmagynda galýar.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».