milli goshun logo
Ýeňiş getiren harby tehnikalar dabaraly harby ýörişde
Ýeňiş getiren harby tehnikalar dabaraly harby ýörişde
09.05.2020 1608 Harby özgertmeler

Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen harby ýörişde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ulanylan harby enjamlar we söweş tehnikalary baýramçylyk münberiniň öňünden geçdi. Bir wagtlar deňi-taýy bolmadyk gazaply söweş ulaglary häzirki wagtda muzeý eksponatlaryna öwrülip galdylar. Emma hut şolaryň kömegi bilen 1941 – 1945-nji ýyllarda batyrgaý gerçeklerimiz Beýik Ýeňşi gazandylar.

Ýöriş meýdançasyndan söweşijileri, ok-därileri we ýaraglary daşamak üçin ulanylan GAZ-67B, ZIS-5, URAL-ZIS kysymly awtoulaglar geçdi. Sowet artilleriýasynyň buýsanjy bolan meşhur «KATÝUŞA» hem münberiň deňinden geçdi. Ondan soň ýörişi 1942–1947-nji ýyllarda Gyzyl Goşunyň esasy ot açyjy güýji bolan T-34 tanky dowam etdirdi.

Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde Sowet Soýuzyna ýeňiş getiren tehnikalaryň görkezilmegi dabara gatnaşan myhmanlaryň hakydasynda uruş ýyllaryny janlandyrdy.

«Milli goşun».