milli goshun logo
Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar
Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar
20.03.2019 787 Habarlar

19-njy martda geçirilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigine, welaýatlarda bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna zerur bolan ideg işleriniň alnyp barylmalydygyny we bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz welaýatlarda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň, sebitleriň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, bu babatda meýilleşdirilen çäreleriň öz möhletinde guralmagynyň wajypdygyny aýtdy.