milli goshun logo
Ýaşulular geňeşiniň mejlisi
Ýaşulular geňeşiniň mejlisi
02.06.2024 205 Habarlar

Düýn – 1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, şol sanda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri netijesinde olar üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Şeýle-de mejlisde degişli döwürde gaznanyň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi.