milli goshun logo
Ýaşlaryň ylhamy
Ýaşlaryň ylhamy
21.12.2019 1783 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplardan düzülen «Gujurly ýaşlar» toparynyň ýerine ýetiren işleriniň ajaýyp sergisi geçirildi. Bu sergide zehinli talyplaryň 200-den gowrak işleri hödürlendi. Döredilen eserlerde talyplaryň yhlas bilen zähmet çekendiklerini duýmak bolýar.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň rowaçlyklara beslenip gelendigini talyplaryň döreden sungat eserlerinde görmek bolýar. Gujurly ýaşlar dürli temalar bilen bir hatarda taryhy wakalara esaslanýan belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, medeni mirasymyzy wasp edýän işleri hem döretdiler. Nakgaş eserlerinden Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Sytdyhow Alynyň «Mäne babanyň Çagry beg we Togrul bege ak pata bermegi» eserinde beýik Seljuk serdarlary Çagry beg we Togrul begiň Daňdanakan söweşine gitmezinden ozal Mäne Babadan ak pata almaga gelen pursaty şekillendirilipdir.

2014-nji ýylda tamamlan uçurymyz Röwşen Çopanowyň «Jelaleddiniň edermenligi» atly miniatýura işi hem Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň iň soňky hökümdary bolan Jelaleddin Meňburun Alaeddin Muhammediň (1220-1231 ý.) mongol goşunlary bilen söweşen pursatyny suratlandyrýar. Söweş meýdanynda gyzyl ýapynjaly Jelaleddin Meňburun eli ok ýaýly, çapyp barýan atyň üstünde oturyp, derýadan geçişi şekillendirilipdir. Eseriň sag tarapynda Çingiz han we onuň goşuny dürli ýaraglar arkaly Jelaleddine hüjüm edýän pursaty suratlandyrylypdyr.

Sergide taryhy şahsyýetler bilen bagly taslamalary grafika sungatynda hem öz beýanyny tapypdyr. «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Grafika» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Akmyrat Akyýew «Görogly eposynyň Bezirgen şahasy» atly işinde Görogly bilen Bezirgeni şekillendiripdir.

Eserde iki şahsyýetiň edermenligini ýönekeý galamyň üsti bilen görkezilýär. Üç piliň üstüne birikdirilen bir äpet tagtyň üstünde oturan Görogla tarap tozap gelýän Bezirgen şekillendirilipdir. Dogrudanam, bu eseri synlanyňda Görogly eposynyň Bezirgen şahasy hakydaňda janlanýar. 

«Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli ýaşlarynyň taryhy wakalary, medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy giňden şöhlelendirýändigini görkezýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji guramalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy.

Jumagül Myradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.