milli goshun logo
Ýaşlaryň ykbalyny galkyndyrýan täze başlangyçlar
Ýaşlaryň ykbalyny galkyndyrýan täze başlangyçlar
04.10.2023 477 Habarlar

Geljek – ýaşlaryňky. Ýaşlar Ýer ýüzünde arzylanýan, sarpalanýan ynsanlar. Hut şonuň üçin-de, täze taryhyň taryply sahypalaryna ýazylýan beýik başlangyçlaryň köpsanlysy ýaşlaryň aýdyň geljegini nazarlaýar. Pikirimizi tassyklamak üçin, ýakyn günlerde bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalary ýatlap bileris.  

2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Bu köptaraplaýyn forum maksatdaş dünýä döwletleriniň wekillerini, ýaşlaryny hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalaryny, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi.

Şu gezekki çäre Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmekde, parahatçylygy berkitmekde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi.

 

Forumyň işi:

«Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»;

«Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»;

 «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»;

 «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.

Taryha ýazylan forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlisiň geçirilendigini, onuň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň döredilendigini buýsançly belläp bolar.