milli goshun logo
Ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
19.05.2023 1372 Habarlar

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlary üçin niýetlenendigini bellemeli. Munuň özi halkyň saýlan wekilleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň döredijilikli, netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygynyň beýanydyr.

Toplumyň çäginde orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, metjit, söwda nokatlary, dürli harytlary hödürleýän bazar we beýleki binalar guruldy, ulag-aragatnaşyk ýaly hyzmatlar ulgamy döredilip, halkyň hyzmatyna berildi.