milli goshun logo
Ýaş watançylaryň durmuşynda «soňky jaň»
Ýaş watançylaryň durmuşynda «soňky jaň»
25.05.2019 3888 Harby Bilim

Şu gün ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde, şol sanda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde «soňky jaň» kakyldy.

Watan goragçylary bolup ýetişjek ýigitlerimiziň uçurym dabaralary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky, Alp Arslan adyndaky, Soltan Sanjar adyndaky 1-2-3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde bolup geçdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň uçurym dabarasynyň paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňünde geçirilmegi aýratyn mana eýedir.

Ykjam we tämiz ak harby lybas geýinen harby okuwçylar soňky gezek öz deň-duşlary bilen nyzama durdular. Mundan beýläk olara lybaslary ýaly aklyga beslenen durmuş ýollary we ýagty ykballar garaşýar. Ýöne olaryň ählisem birmeňzeş mukaddeslige – Watan goragyna bagly bolarlar.

– Meniň maşgalamda özüni harby durmuşa baglanlar ýokdy, emma men çagalyk ýyllamdan bäri harby lybasyny geýmegi, Watanyma gulluk etmegi we jana-jan topragymy goramagy arzuw edýärdim – diýip, biziň habarçymyza Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň uçurymy Guwanç Annaýew aýtdy.

– Şu günki gün biz üçin örän tolgundyryjy gün. Şu arzyly güne ýetmek üçin 4 ýyllyk okuwy üstünlikli geçdik. Indem bize öwrenen zatlarymyzy amal edip, durmuşda dowam edäýmek galýar.

Ýigitler dogurdanam, köp zatlar öwrendi. Olaryň ýerine ýetiren nyzam ýörişleri gulaklarda ýaňlandy durdy. Birlikde eden deň we sazlaşykly hereketleri dabara gelen köpsanly ene-atalary we myhmanlary täsin galdyrdy.

– Ol agras we dogumly bolupdyr – diýip, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň uçurymynyň ejesi Maral Aşyrowa buýsanç bilen aýtdy.

– Indi onda borjuna wepalylyk we jogapkärçilik duýgulary agdyklyk edýär. Men öz ogluma we şu ajaýyp harby mekdebiň ähli uçurymlaryna çyn ýürekden buýsanýaryn!

Uçurym dabarasynyň foto suratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz! 

«Milli goşun».