milli goshun logo
«Ýaş suratkeşleriň joşguny»
«Ýaş suratkeşleriň joşguny»
01.10.2019 3395 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet we sungat ulgamy ösüşlere eýe bolýar. Milletimiziň ruhy gymmatlyklaryna öwrülen çeperçilik taýdan kämil sungat eserleriniň döredilmegi, gözel paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünyä ülňülerine laýyk gelýän we  medeni maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gülläp  ösmegine, onuň milli öwüşgünleriniň zemin içre giň ýol almagyna getirdi.

Sungat jadyly dünýä. Şol nukdaýnazardan hem «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda asuda diýarymyzda, ýurdumyzda medeniýet we sungat çäreleri yzygiderli geçirilýär, erkana, ajaýyp Watanymyzy wasp edýän sergiler guralýar. Şeýle sergileriň biri 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda  «Ýaş suratkeşleriň joşguny» ady bilen  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda guraldy.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Olardan Annadurdy Hojaýew, Çingiz Töräýew, Ýeňiş Ýagşymyradow, Meýlis Nazarow, Nurberdi Batyrow, Baýram Nuryýew dagylaryň adyny agzamak bolar. «Ýaş suratkeşleriň joşguny» atly sergini synlamaga ýurdumyzyň birnäçe künjeklerinden adamlar gatnaşdy. Uçurymlar 72 sany nakgaş eserlerini halka ýetirdiler. Sergide ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlar çykyş edip, sergide eserlerini hödürlän suratkeşlere sungat äleminde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly sarpa goýýan we bu ugry ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sanjar Ismailow,

Türkmenistanyň Döwlet 

çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.