milli goshun logo
Ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri
Ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri
09.02.2019 585 Habarlar

8-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow şu ýylyň ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 103,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 113,3 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 113,5 göterim ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.