milli goshun logo
Welosiped sürüjiler täze dünýä rekordyny goýdy
Welosiped sürüjiler täze dünýä rekordyny goýdy
04.06.2019 1270 Sport

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp guralan dabaraly çärede alyp baryjy «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýde Subaşi-Gemijä söz berdi.

Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.

Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýde Subaşi – Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli sertifikat bilen tassyklanyldy. Ol sertifikat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan dabarada gowşuryldy.