milli goshun logo
Welosiped binasy gurlar
23.02.2019 2333 Habarlar

22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan bina Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda oturdylar. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigiň yglan edilendigi, bäsleşigiň netijeleri boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasyna desgany bina etmek ynanylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli oturdyljak binanyň taslamasynda halkymyzyň baý taryhynyň hem-de häzirki gazanýan üstünlikleriniň şöhlelenmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, geljekde paýtagtymyzyň nyşanlarynyň birine öwrülip, bu ajaýyp heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň özünde oňyn kalby joşgunlylygy jemlemelidigini, Türkmenistanyň belent döredijilik ruhuny, onuň ynsanperwer gymmatlyklara hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, gülläp ösüşe we rowaçlyga ymtylyşyny alamatlandyrmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça onuň dessine ýerine ýetirilmegi üçin wise-premýere ugradyldy.