milli goshun logo
Watanyň bagtyýar nesilleri sylaglanyldy
Watanyň bagtyýar nesilleri sylaglanyldy
02.06.2024 194 Habarlar

Düýn – 1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolan çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy.