milli goshun logo
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
23.03.2019 917 Habarlar

Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilen Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden hem-de Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda agaç nahallarynyň 1,5 million düýbi we sebitlerde hem saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň şonça möçberi ekiler. Tutuş ýurdumyz boýunça şu bag ekmek çäresiniň barşynda miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 600 müň düýbüni, tut agaçlarynyň hem 300 müň düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär. Bu işleri guramak ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.