milli goshun logo
Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek döwletimiziň we jemgyýetimiziň wezipesidir
Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek döwletimiziň we jemgyýetimiziň wezipesidir
06.11.2023 487 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Şol gün ir bilen Gahryman Arkadagly Serdarymyz häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana bardy. Häzirki zaman athananyň umumy eýeleýän meýdany 15,4 gektar bolup, onuň düzüminde dolandyryş, bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinariýa binalary, höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, höwür atlaryň 60-sy üçin bir sany athana hem-de atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si, iým üçin ýapyk ammar we beýleki degişli desgalar bina edildi. Desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — Arkadag şäherine hem bardy. Maglumat hökmünde belläp geçsek, asylly däbe öwrülen bu gezekki bag ekmek çäresiniň çäklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekilip, 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edildi. Şeýlelikde, döwletimiziň bagçylyk pudagyna berýän aýratyn ünsi we goldawy türkmen jemgyýetinde ýokary ekologik medeniýeti kemala getirýär. Her ýyl bag ekmegiň täze tapgyryna badalga berlip, halkymyzyň mähriban topragymyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky köpasyrlyk arzuwy durmuşa geçirilýär.