milli goshun logo
Watany beýgeldeniň özi hem beýik
Watany beýgeldeniň özi hem beýik
22.08.2021 2260 Sport

Watany beýgelden ynsanlaryň ady taryha ebedi möhürlenýär. Watan özüniň ägirtleri bilen tanalýar. Islendik kärde, islendik hünärde zähmet çekip, ata ýurduň, il-ulsuň abraý-mertebesiniň goragynda gezmek, megerem, bagtyň ulusy. Şeýle ynsanlary Watan hemişe sarpalaýar.

Ine, ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi. Türgen gyza Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda döwlet sylaglary gowşuryldy.

Baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agyr atletika boýunça türgeni Polina Gurýewanyň ýurdumyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda gazanan bu üstünligi – ata Watanymyz üçin aýratyn serpaýdyr. Ol türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi.

Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanynyň adyndan oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy. Mundan başga-da, türgene 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

Polina Gurýewa: «Men sportda döredip beren giň gerimli mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentine sagbolsun aýdýaryn. Meniň bu medalym hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sowgadym boldy» diýip belledi.

«Milli goşun».