milli goshun logo
Watana ybadat
Watana ybadat
22.12.2018 2744 Harby özgertmeler

Watan diýip jana girýär bu ömür,
Aglanylsa, Watan üçin aglanýar.
Watan diýip gana girýär bu ömür,
Watan diýip jiger-bagyr daglanýar.
 
Watandadyr ähli umyt-arzuwyň,
Watandadyr seýranlaryň, düşlegiň,
Watandadyr bu dünýäde barlygyň,
Gökde ganat ýaýar hyýal guşlaryň.
 
Watanyň ruhunda söýginiň güýji,
Watanyň Tugunda aryň-namysyň.
Watanda joşýandyr ylhamyň möwji,
Watan bilen aýdym-gazal, namasyň.
 
Baky düşlegiňdir sürlen meýdanlar,
Hol syrdam agaçlar başda penaňdyr.
Gözbaşyňdyr eli pilli daýhanlar,
Munda pyşyrdylaň yşky senaňdyr.
 
Watanyň päkligi –  Arşyň ak gary,
Şu topraga rehnet nurun seçelär.
Watan kimiň yşky, kimiň ykbaly,
Mähribandyr ýol-ýodalar, köçeler.
 
Juda mähribandyr çöldür beýewan,
Deňiz-derýa, daglar-düzler, sähralar.
Söýgüsiz dünýeler elhenç! (Eý, aman!),
Watan keşbi baky gözüňde galar.
 
Watan diýip dünýä geldim sapara,
Bu toprakda ýaşan soltandyr, begdir.
Jismim, janym şu düzlere sadaga,
Bir gysym topragy janymdan ýegdir.

Watan diýip çeksem jebri-jepany,
Watany söýmäge medet ber, Alla!
Şu toprakda etdim ähti-wepany,
Ähtime uýmaga medet ber, Alla! 

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.