milli goshun logo
Watan goragçylarynyň ylym älemindäki üstünligi
Watan goragçylarynyň ylym älemindäki üstünligi
13.06.2024 218 Habarlar

Düýn – 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ine, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, işgärleri, harby talyplary hem bu bäsleşige işjeň gatnaşyp, guwandyryjy ýeňiş gazandylar.