Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji
ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan
serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergi ýurdumyzda parahat we asuda durmuşy
goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz
döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary
yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri şöhlelendirýär.
Sergide
görkezilen suratlar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary, hususan-da,
her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz görkezýän türkmen
esgerleriniň harby ýörişlerini şöhlelendirýär. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň
däplerini mynasyp dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ene
topragymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda
hüşgär durýarlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Sergide Döwlet
muzeýiniň gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri barada gürrüň
berýän gymmatlyklary — gadymy ýaraglar, harby lybaslar, durmuşda ulanylýan
enjamlar hem-de şol döwrüň ruhuna aralaşmaga mümkinçilik berýän beýleki zatlar
görkezildi.