milli goshun logo
Watan goragçylary üçin has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar
26.01.2019 842 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhediniň goragyny güýçlendirmek hem-de garamagyndaky birikmeleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem täze nusgadaky serhet galalarynyň binalarynyň, Watan goragçylary üçin maşgala durmuşynda ähli ugurdaş düzümleri bolan has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegini we onuň ygtybarly goralmagyny, aýratyn hem, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de doganlyk serhedi bolan Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge ýardam etmelidigini nygtady. Milli Liderimiz gullugyň harby birikmeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu edaranyň harby gullukçylarynyň söweşjeň, beden, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz täze toplumlaryň, harby gullukçylaryň maşgala agzalary üçin durmuş şertleriniň has doly üpjünçiligi bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.