milli goshun logo
Watan gerçeginiň üstünligi
Watan gerçeginiň üstünligi
06.05.2019 1642 Harby Bilim

Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ökdelerden ökdeleri saýlan bu bäsleşik diýseň çekeleşikli geçip, oňa gatnaşan gerçek ýigitler birnäçe şertler boýunça öz döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehin hem-de bilim derejelerini görkezdiler. Bäsleşik öz saýlap alan hünäriňe bolan buýsanjyňy wasp etmekden, onuň jemgyýetdäki orny hakynda tomaşaçylara çeper gürrüň bermekden, şeýle hem «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly bilen baglanyşykly çykyşlar bilen özüňi sungat-döredijilik taýdan görkezip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ajaýyp eserlerinden çeper okaýyşlary, aýdym-sazlary ýerine ýetirmek we talyp durmuşyndan degişme sahnalary janlandyrmak ýaly birnäçe şertlerden ybarat boldy.

Geçirilen bu bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Öwezgeldi Gylyçtaganowyň III orna mynasyp bolmagy hemmämiziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Çünki geljekki serkerdäniň bu ýeňşi onuň Watan goragynda sak durup, ýene-de uly üstinlikler gazanjakdygyna ynam döredýär. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Milli goşun».