milli goshun logo
Ussatlygyň ýokary derejesini görkezdiler
Ussatlygyň ýokary derejesini görkezdiler
21.10.2023 607 Habarlar

Görkezme söweş atyşykly harby türgenleşigiň dowamlylygynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, öňde goýlan wezipeleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Olaryň şeýle ussatlyklarynyň özeninde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämillik mekdebi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň: «Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir»  diýen sözlerinden ruhlanyp geçirilen harby okuw-türgenleşigi Watan goragçylarymyzyň bildirilýän ynama wepaly boljakdyklaryny, Watanymyzyň asudalygyny goramakda jan aýaman gulluk etjekdiklerini ýene bir ýola subut etdi.