Beýik Ýeňşiň 75
ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugynyň
«Serhet abat — Döwlet
abat» žurnalynyň web-saýtynda geçiriljek
«Gahrymanlar baky
ýaşar gursakda»
atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Bäsleşigiň maksady:
Türkmenistanyň
Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasy
hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi
tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgesini wagyz
etmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we
döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan, ýaşlarda Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugynyň gulluk-durmuşy barada oňyn jemgyýetçilik garaýşyny
döretmekden, şeýle-de 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ata-babalarymyzyň,
ene-mamalarymyzyň görkezen deňsiz-taýsyz watansöýüjiligini dabaralandyrmakdan ybaratdyr.
II. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi.
1. Bäsleşik 2020-nji
ýylyň 10-njy apreline çenli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet
abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Serhet abat — Döwlet
abat» žurnalynyň web-saýtynda ýörite habar arkaly yglan edilýär.
2. Bäsleşige
gatnaşyjylar öz eserlerini 2020-nji ýylyň 25-nji apreline çenli bäsleşige
hödürleýärler.
3. 2020-nji
ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda emin-agzalar topary tarapyndan bäsleşigiň
ýeňijileri kesgitlenilýär.
4. 2020-nji
ýylyň 27-nji aprelinde «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň web-saýtynda
ýeňijiler aýratyn habarda yglan edilýär.
5. 2020-nji
ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynda
bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak
dabarasy geçirilýär.
III. Bäsleşigiň şertleri we düzgünleri.
1. Bäsleşige gatnaşyjylar iki
sany şerti hökmany suratda berjaý etmeli:
a). Bäsleşige gatnaşmaga isleg
bildirýänler öz awtorlygyna degişli bolan watançylyk, harby- gahrymançylyk we Beýik
Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli parahatçylygy, asudalygy, ýurdumyzyň
dost-doganlyk syýasatyny, asuda serhediniň goragyny wasp edýän mowzuklardan
goşgy ýa-da gysga göwrümli proza eserlerini (oýlanma, gysgajyk hekaýalar we
ş.m.) hödürlemeli.
Hödürlenjek
eserler serhetabat-dovletabat@online.tm
elektron salgysyna ugradylmaly (eserlere çäklendirme: her awtor 1 eser
bilen gatnaşyp bilýär; goşgy – 4-5 bentden kän bolmaly däl, proza eserleri 1
sahypadan geçmeli däl (şrift – Times New Roman; kegel – 14; polýalar –
standart; interwal – 1,15).
b). Sosial
torlarda (imo, intagram we beýlekiler) biziň şu bäsleşigimiziň düzgünnamasyny
azyndan 3 ýerde paýlaşmaly (paýlaşylandygy hakynda ssylka ýa-da skrinşot arkaly
elektron poçtamyzyň üsti bilen bize habar bermeli).
1. Bäsleşge
hödürlenýän eser many we grammatika tarapyndan ýalňyşsyz, şeýle-de täze, ozal
hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly.
Ozal bir ýerde
çap edilen bolsa, ýaryşdan çykarylar (bu barada web-saýtymyzyň okyjylary ýa-da
beýleki bäsleşige gatnaşyjylar poçtamyza hat ugratmak arkaly duýduryp bilerler.
Şondan soň ýagdaý doly anyklanylar).
2. Eserler
türkmen dilinde bolmaly we gatnaşyjylara ýaş çäklendirmesi ýok.
3. Ýaryşa
hödürlenen eseriň awtorynyň doly ady we familiýasy, salgysy, telefon belgisi,
bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri anyk we takyk görkezilmeli.
4. Iki ugur boýunça
(poeziýa, proza) umumylykda Baş baýrak we höweslendiriji sowgatlar göz
öňüne tutulýar. Bäsleşigiň ýeňijileri ýörite düzülen emin-agzalar topary
tarapyndan kesgitlener.
Bäsleşikde
döreden eseri bilen Baş baýraga mynasyp bolan awtor gymmat bahaly sowgat, ýagny
telewizor bilen sylaglanar hem-de oňa hormat haty gowşurylar.
Şeýle-de
bäsleşikde tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji sowgat hökmünde
elektro suw gaýnadyjy enjamy we hormat haty gowşurylar.
5. Eseriňiz
emin agzalary tarapyndan bäsleşige gatnaşmaga mynasyp görülmese, elektron poçta
arkaly goşmaça duýduryljakdyr.
6. Bäsleşik
üçin ugradylan eserleriň «Serhat abat — Döwlet abat» žurnalynyň redkollegiýasy
tarapyndan maksadalaýyk hasap edilenleri web-saýtymyzyň «Döredijilik
dünýäsi» atly bölüminde goýlar.
7. Şeýle-de, bäsleşige
hödürlenen islendik eser «Serhat abat — Döwlet abat» žurnalynyň redkollegiýasy
tarapyndan makul görülse, awtorlyk hukugynyň talaplary doly berjaý edilip,
žurnalda çap ediler.
IV. Bäsleşigiň emin agzalary we ýeňijileri kesgitlemegiň tertibi.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda
ýeňijileri kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet
abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerinden, şeýle-de ýurdumyzyň
belli döredijilik işgärlerinden düzülen emin agzalar topary döredilýär.
Emin agzalar bäsleşige hödürlenen
işler bilen tanşyp, olara beýan edilişiň çeperçiligi we sýužediň gyzyklylygy
boýunça baha bermeli we bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan görkezilen şertleriň
ählisiniň ýerine ýetirilendigine gözegçilik etmeli.
V. Ýeňijileri sylaglamak.
Bäsleşige hödürlenjek eserler
bäsleşik yglan edilen gününden başlap, 25.04.2020ý. senesine çenli
kabul ediler. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda, 27.04.2020ý. senesinde «Serhet abat —
Döwlet abat» žurnalynyň web-saýtynda ýeňijiler aýratyn habarda yglan
ediler. 29.04.2020ý. senede resmi ýagdaýda baýrak gowşurylyş dabarasy
guralyp, bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň
«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary
we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Biziň web salgymyz: www.serhetabat-dovletabat.gov.tm;
E-poçtamyz: serhetabat-dovletabat@online.tm;
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-53-45, 39-53-65, 39-53-51, 39-51-18, 39-56-20.