milli goshun logo
Uniwersiada üstünlikli tamamlandy
Uniwersiada üstünlikli tamamlandy
30.12.2018 1163 Sport

«Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly onunjy uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kuraş boýunça tamamlanan ýaryş gyzykly häsiýeti bilen tapawutlandy. Biri-birinden tapawutly bolan tutluşyklaryň netijesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary birinji orny eýeledi. Bu üstünlik ýokary okuw mekdebindäki yzygiderli taýýarlygyň we sazlaşykly işleriň netijesini görkezdi. Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.